Başdan başlaýanlar üçin kurs. Diňleýjiler bu derejede esasy söz baýlygyny, esasy grammatiki gurluşlary we gündelik gepleşikde ulanyljak başarnyklary öwrenýärler. Dogry sözleýiş we ýönekeý sözlem düzmek başarnyklaryna aýratyn üns berilýär.
Başlangyç derejesini geçenler üçin kurs. Bu derejede söz baýlygy giňeldilýär, diňlemek we okamak başarnyklary kämilleşdirilýär, şeýle hem gündelik gepleşikler üçin ýönekeý sözlemler we soraglar düzüp bilmek öwredilýär. Grammatika boýunça çuňňur öwrenme geçirilýär.
Esasy bilimleri bar bolan diňleýjiler üçin kurs. Bu derejede çylşyrymly grammatiki gurluşlar, giňeldilen söz baýlygy we ýazuw- gepleşik başarnyklary kämilleşdirilýär. Maksat – tanyş temalarda arkaýyn gepleşip bilmek we pikirleri beýan etmek.
Öň öwrenilen bilimleri berkitmek we has ýokary derejä geçmek üçin kurs. Diňleýjiler çylşyrymly sözlemleri gurmagy, dürli temalary ara alyp maslahatlaşmagy we has çylşyrymly grammatiki gurluşlary ulanyp başlaýarlar. Bu dereje gündelik durmuşda arkaýyn gepleşmäge mümkinçilik berýär.
Öwrenilen bilimlerini we orta derejede gürlemek ukyplaryny berkitmek üçin kurs. Bu kursda diňleýjiler grammatiki bilim derejesini we sözleýiş ukyplaryny ýokarlandyrmak üçin mümkinçilik döredýär.
Gepleşige arkaýynlygy has ýokarlandyrmak isleýänler üçin kurs. Bu derejede çalt we baý sözleýişe, çylşyrymly grammatiki gurluşlaryň ulanylyşyna üns berilýär. Diňleýjiler has çylşyrymly temalar boýunça pikirlerini beýan etmegi we dürli aragatnaşyk stillerinde geplemegi öwrenýärler. Professional maksatlar üçin amatly.
Bu dereje diňleýjilere iňlis dilini erkin we arassa ulanmaga mümkinçilik berýär. Kurs diliň inçe aýratynlyklaryny, çylşyrymly tekstleriň düşünilmegini we dil bilen işjeň ýagdaýda doly aragatnaşyk gurmagyň usullaryny kämilleşdirýär. Bu derejäni geçenler dürli temalarda gepleşip, iş gepleşiklerini we resmi resminamalary ýazmagy başarýarlar.
Bu dereje diňleýjilere iňlis dilindäki sözleýişiň görnüşlerini, ýagny dil göterijiler bilen deňlikde gürlemegi öwrenýärler. Ähli derejelerdäki öwrenen söz baýlygyny dogry ulanmak we grammatika taýdan dogry gepleýişi bilmek üçin mahsus bolup durýar.