Sahypa
bilim merkezi
Biz bilen täze sahypa geçiň!
Kursa ýazyl

2000+

Okuwçy sany

+6

Okuw görnüşleri

30+

Mugallymlaryň sany
Sahypanyň peýdalary
Sahypa bilim merkezi öz okadyş metodikasy bilen tapawutlanýar
Mugt kitaplar we materiallar
Ähli zerur okuw materiallary mugt berilýär, şonuň üçin bilim almak elýeterli we amatly bolýar.
Çagalar üçin oýun görnüşli okuw
Gyzykly we täsirli oýunlar bilim prosesini höweslendirýär we çagalary işjeň gatnaşmaga höweslendirýär.
Her sapak üçin prezentasiýalar
Sapaklar üçin ulanylýan wizuallaşdyrylan materiallar täze bilimleri has gowy kabul etmäge kömek edýär.
Her bölümden soň synaglar
Yzygiderli synaglar ösüşi yzarlamaga we öwrenilen materialy pugtalandyrmaga mümkinçilik berýär.
Professional mugallymlar
Ýokary derejeli, köp ýyllyk tejribeli mugallymlar ýokary hilli okuw we goldaw üpjün edýär.
Diňe iňlis dilinde okuw
Iňlisçe gepleşik gurşawyna doly çümdürme, çagalaryň dili has çalt we täsirli öwrenmegine ýardam edýär.
Şahsy mugallym
Bilimleri has çuňňur öwrenmek üçin şahsy mugallymyň goşmaça goldawy elýeterlidir.
Mugt mugallymlar bilen maslahatlar
Mugallymlarymyz goşmaça soraglary çözmekde we okuw materialyny has gowy özleşdirmekde kömek bermäge elmydama taýýar.
Innowasion okatmagyň usullary
Okatmak prosesini gowulandyrmak üçin häzirki zaman tehnologiýalaryny we çemeleşmeleri ulanýarys.
Ýoklamaň yzarlaýyş ulgamy
Ýoklama we ösüş prosesini yzarlaýan ulgam, ene-atalaryň çagalarynyň ösüşi hakynda habarly bolmagyna mümkinçilik berýär.
Üýtgeşik okuw meýilnamasy
Her bir okuwça laýyklykda aýratyn işlenip düzülen, häzirki zaman bilim standartlaryna laýyklykda ýasalýan okuw meýilnamasy.
Okuwlaryň görnüşleri
Sahypa bilim merkezindäki okuwlaryň görnüşleri barada giňişleýin öwreniň we ozüňize laýyk geljegini saýlaň.
Çagalar üçin kurslar

Çagalar üçin kurslar

Çagalar üçin niýetlenen kurslarymyz gyzykly we täsirli oýunlar bilen çagalary bilim almaga höweslendirýär.

Kurslar
Iňlis dili (6-8 ýaş aralygy)
Iňlis dili (9-12 ýaş aralygy)
Rus dili kurslary (6-12 ýaş aralygy)
Matematika kurslary
Uly ýaşlylar üçin kurslar

Uly ýaşlylar üçin kurslar

Courses for adults are comprehensive, designed for use in everyday life and professional work.

Sahypanyň mugallymlary
...
Nurberdi Orazow
Iňlis dili mugallymy
...
Çynar Kulyýewa
Hünärmen
...
Kerwen Myradow
Iňlis dili bölüminiň baş mugallymy
...
Kemal Hojamgulyýew
Iňlis dili mugallymy
...
Güljemal Nurgeldiýewa
Iňlis dili mugallymy
...
Begenç Hudaýkulyýew
Iňlis dili mugallymy
...
Begenç Orazmämmedow
Hünärmen
...
Aýsoltan Akmyradowa
Rus dili mugallymy
...
Ybraýym Mätklyçew
Matematika mugallymy

Nireden başlajagyňyzy bilmeyän bolsaňyz?

Biziň hünärmenlerimiz size ýardam bermäge taýýar!
+993
Üstünlikli ugradyldy
Çärelerden pursatlar
Köp soralýan soraglar
Iň köp soralýan soraglara jogaplary bilmek isleseňiz

Sahypa bilim merkezi 6 ýaşdan okuwa kabul etmek bilen, ýaş diňleýjilerimiz üçin iňlis we rus dilleri, şeýle hem matematika, mental arifmetika okuwlaryny hödürleýär. Elbet-de uly ýaşlylar hem okuwlarymyza ýazylyp bilerler. Häzirki wagt-da uly ýaşly diňleýjilerimiz özlerine amatly bolan agşamky salkynda uly höwes bilen öz bilimlerini kämilleşdirýärler.Tejribeli mugallymlar bilen dil öwrenmek bolsa olar üçin has ýeňil hem netijeli bolýar.

Kurslarymyzyň tölegine diňleýjiniň bir kursuň dowamynda öwrenjek ähli okuw materiallary we esbaplary girýär, okuw materiallary üçin goşmaça töleg alynmaýar.

Sahypa bilim merkezi okamaga isleg bildirýän ähli ýaşdaky diňleýjileri göz öňünde tutyp, okuwlary güniň dowamynda 3 çalşykda alyp barýar, ýagny irdenki, öýlänki we agşamky salkynlarymyz. Şeýlelik-de, ähli diňleýjiler özlerine amatly wagty saýlap bilýärler. Günüň dowamynda 3 sany ders bolup, olar 45 minut dowam edýär.

Sahypa bilim merkezine ýazylmaga geleniňizde tejribeli mugallymlar tarapyndan ýörite bilim derejäňizi kesgitlemek üçin taýýarlanan synaga gatnaşyp öz bilim derejäňizi anyklap bilersiňiz. Bu bolsa geljekde bilimiňizi dogry we netijeli artdyrmaga yardam eder.

Çäreleri we synag netijelerini biziň web-sahypamyzda şahsy otagyňyza girip görüp bilersiňiz.

Sahypa bilim merkezine ýazylmak üçin ýaşlary 16 we ondan ýokarylar üçin olaryň passport nusgalary, 16 ýaşa ýetmedik diňleýjiler üçin bolsa olaryň dogluş hakyndaky şahadatnamasynyň nusgalary we ene-atasynyň haýsy hem bolsa biriniň passport göçürmesi gerek bolup durýar.

Çagalaryň ýetişigi hakynda ene-atalaryň habarly bolup durmagy örän möhümdir. Şonuň üçin hem her tapgyryň ahyrynda çagalaryň ene-atalary, mugallymlarymyz tarapyndan gurnalýan açyk sapaklarymyza gatnaşyp bilýärler. Bu ýerde her bir ene-ata öz çagasynyň bir tapgyryň dowamynda öwrenen ähli başarnyklaryna göz ýetirip bilerler.